Top.Mail.Ru

Türkmenistanda bir gije-gündizde 2 million kub metr goşmaça gaz çykarmak meýilleşdirilýär

22:0505.01.2022
0
933

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş saparynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanowyň milletiň Liderine beren hasabatynda aýdylyşy ýaly, Lebap welaýatyndaky Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň Bagajanyň kükürtli gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasyny doly kuwwatlygynda işletmek üçin zerur bolan işleri ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär.

Göz öňünde tutulan işleriň geçirilmegi netijesinde, gaz kondensatynyň, suwuklandyrylan gazyň möçberiniň artdyrylmagy, şeýle hem tebigy gazyň bir gije-gündizde 2 million kub metr goşmaça möçberini çykarmak maksat edinilýär.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde nebitgaz senagatyny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek we sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Milletiň Lideri türkmen tebigy gazynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de onuň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi hem-de bu babatda konserniň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň