“Mähirli Zenan” modalar öýi müşderileriniň isleglerini kanagatlandyryp, olary täze harytlar bilen begendirýär. Şol sebäpden hem modalar öýi ähli harytlaryna yglan eden arzanladyşlarynyň möhletini 2022-nji ýylyň 30-njy ýanwaryna çenli uzaldýar.
“Mähirli Zenan-yň” moda önümleriniň dürli görnüşleri bilen “Bagtyýarlyk” söwda merkezindäki dükanynda, dükanyň web saýtynda, şeýle-de @mahirlizenan Instagram hasabynda tanşyp, olary 30%-den 50%-e çenli arzanladyş bilen satyn alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 65 814240.
“Mähirli Zenan” dükany müşderilerine milli äheňli moda egin eşiklerini alyjynyň islegine görä tikip bermek hyzmatlaryny hem hödürleýär. Modalar öýi bulardan başga-da arzan bahadan taýýar egin eşik önümleriniň köpdürli görnüşlerini, ýagny kärhanalaryň, lukmançylyk edaralarynyň we uly söwda dükanlarynyň işgärleri üçin ýörite geýimleri hem öndürýär.