Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Burna çalynýan waksina ýene üç aýdan elýeterli bolar

10:1203.01.2022
0
1139

COVID-19 ýokanjyna garşy burna çalynýan waksina ýene üç aýdan raýatlar üçin elýeterli bolar, bu barada Russiýanyň Gamalei lukmançylyk merkeziniň başlygy Aleksandr Ginsburg metbugata beýanat berdi.

Ol täze derman serişdesiniň omikron ştammyna garşy täsirli boljakdygyny wada berdi we “ Laboratoriýa barlaglarynyň “Sputnik V” sanjymynyň bu görnüşe garşy täsirliligini subut edişi ýaly, nazal dermanymyz hem oňa garşy täsirli bolar” diýdi.

Ginsburg şeýle-de COVID-19-a garşy golaý döwürde ýene iki sany täze sanjymyň peýda boljakdygyny habar berdi. Olar “Sputnik” sanjymynyň esasynda taýýarlanar.

Täze burna çalynýan derman barada aýdylanda, ol doňdurylan suwuklyk görnüşinde öndüriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň