Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Berk üçek» hojalyk jemgyýeti polimer kompozitden reňkleýjileriň (superkonsentratlar) önümçiligini ýola goýdy

17:4030.12.2021
0
6382

Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän «Berk üçek» hojalyk jemgyýeti şu ýylyň fewral aýynda polimer kompozitden reňkleýjileriň (superkonsentratlar) önümçiligini ýola goýdy. Polimer kompozitden reňkleýjiler plastik önümleri öndürilende goşulýan goşundy bolup, olar boýag hökmünde ulanylýar. Bu önüme plastik önümçiligi bilen meşgullanýan önüm öndürijiler tarapyndan uly isleg bildirilýär. Kärhanada öndürilýän boýaglar «BUM» haryt nyşany bilen Türkiýe Respublikasyna, Rumyniýa Respublikasyna eksport edilýär. Bu barada TSTP-niň resmi web sahypasy «Rysgal» gazetine salgylanyp habar berdi.

«Berk üçek» hojalyk jemgyýetiniň Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen önümçilik kärhanasynda 26 işgär zähmet çekýär. Önüm öndürmek üçin gerek bolan çig malyň aglaba bölegi Gyýanlydaky polimer zawodyndan getirilýär. Kärhananyň ýylda boýaglaryň 2500 tonnasyny öndürmäge mümkinçiligi bar.
2018-nji ýylda esaslandyrylan «Berk üçek» hojalyk jemgyýeti ilkibaşda gurluşyk serişdesi bolan şifer önümçiligini alyp bardy. Geljekde hem kärhana önümçiligiň gerimini giňeltmegi, eksport önümleriniň görnüşlerini köpeltmegi maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň