Paýtagtymyzyň Döwletliler köşgünde Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda bu ýerde terbiýelenilýän çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlary gowşuryldy.
Dabaranyň geçýän ýerindäki baýramçylyk bezegleriniň köp böleginiň el işleri gurnagyna gatnaşýan çeper elli çagalar tarapyndan ýerine ýetirilendigini bellemek gerek. Olar döwlet Baştutanynyň nesihaty boýunça milli ýörelgelerimizi öwrenýärler we mynasyp dowam edýärler.
“Joşgun” tans topary myhmanlary ruhubelent çykyşlary bilen garşylady.
Köşkde terbiýelenilýänlere Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli gutlaglar, hoşniýetli arzuwlar aýdyldy hem-de ýurdumyzda öndürilýän dokma önümlerinden, gyş we sport lybaslarynyň toplumlaryndan, gyzjagazlar üçin milli nagyşlar bilen bezelen köýneklerden, süýji-kökelerden ybarat bolan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.
Soňra ajaýyp görnüşde bezelen arçanyň ýanynda Aýazbaba, Garpamyk we ertekileriň gahrymanlary şowhunly çykyşlaryny görkezdiler.
Çagalar Täze ýyl baýramy mynasybetli ajaýyp döredijilik çykyşlaryny taýýarladylar. Olar goşgy okadylar, joşgunly tanslary hem-de ata Watanymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Bu ýerde terbiýelenilýänleriň öňünde ýurdumyzyň sungat ussatlary — belli aýdymçylar çykyş etdiler.