Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň orunbasary, wise-premýer Ç.Amanow Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň alyp barýan işleri we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bu toparyň üstüne adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ony aradan aýyrmak boýunça bitewi döwlet işiniň ýolbaşçylygyny amala aşyrmak we bu ulgamda çözgütleri kabul etmek wezipeleriniň ýüklenendigini aýtdy. Türkmen Lideri bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýratyn wajyplygyny belläp, adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli emele gelen töwekgelçilikleriň täsirini peseltmäge, adamlaryň saglygyny goramaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti adamlaryň saglygyny we ömrüni goramak hem-de olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek döwletiň alyp barýan syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridigini, bu ugurda ähli tagallalaryň edilýändigine ünsi çekdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen lideri Türkmenistanda ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça durmuşa geçirilýän işler, olaryň netijesinde ýurduň çäginde koronawirus hadysasynyň hasaba alynmandygyny, zerur bolan waksinalaryň satyn alynýandygyny, häzirki wagtda hem ilata sanjym işleriniň alnyp barylýandygyny, bu ugurda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we onuň sebitleýin düzümleri bilen netijeleri işleriň ýola goýlandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
– Häzirki wagtda dünýäde koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleri döreýär. Hususan-da köp ýurtlarda onuň täze omikron ýokanjy ýaýrap başlady. Bu ýokanjyň ýurtdan ýurda ýaýramagynyň ýollary bellidir. Ol adamlaryň we harytlaryň serhetlerden geçmegi bilen ýaýraýar.
Döwlet Baştutany bu ugurda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Döwlet gümrük gullugynyň alyp barýan işleri babatda hasabatlary diňledi we koronawirusyň täze görnüşiniň ýurduň çägine ýaýramagynyň öňüni almak boýunça degişli tabşyryklary berdi.