TÝL ― 2021: Elman Tagaýew ― iň netijeli futbolçy

23:0019.12.2021
0
4267

Şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda nobatdaky möwsüm tamamlandy. Möwsümiň iň netijeli futbolçysy «Ahalyň» ýarym goragçysy Elman Tagaýew boldy.

32 ýaşly futbolçy möwsümde 10 pökgi geçirdi. Şolaryň 6-sy 11 metrlik jerime urgusyndan geçirilen pökgülerdir. Ikinji orny eýelän «Aşgabadyň» ýarym goragçysy Gurbangeldi Sähedowyň hasabynda 8 pökgi bar. Ol bu gollaryň deň ýaryny 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

Möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň ilkinji üçlügini «Merwden» Begenç Alamow jemledi. Onuň geçiren 7 duşuşygynyň 5-si 11 metrlik jerime urgularyna degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň