13-nji tapgyr Türkmenistanyň futbol çempionatynyň şu möwsüminde 11 metrlik jerime urgularynyň iň kän dürs ýerine ýetirilmedik tapgyry boldy. Tapgyryň iki duşuşygynda iki jerime urgusy dürs ýerine ýetirilmedi.
Has takygy, «Nebitçi» ― «Energetik» duşuşygynda myhman toparyň futbolçysy Tirkiş Muhammetberdiýewiň, «Merw» ― «Altyn asyr» duşuşygynda «aragatnaşykçylaryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew bu urgulary dürs ýerine ýetirip bilmedi. Tapgyrda dört gezek 11 metrlik jerime urgusy bellenilip, şolaryň ikisini «Ahalyň» futbolçysy Elman Tagaýewiň we «Köpetdagdan» Şiri Annaýewiň dürs ýerine ýetirendigini aýtmak gerek.
Tirkiş Muhammetberdiýew bilen Altymyrat Annadurdyýew möwsümde bu şowsuzlyga uçran üçünji we dördünji futbolçy boldy. Mundan ozal 3-nji tapyrda «Ahaldan» Elman Tagaýewiň, 4-nji tapgyrda «Nebitçiden» Merdan Gurbanowyň, 12-nji tapgyrda bolsa «Altyn asyrdan» Berdimyrat Rejebowyň urgulary dürs bolmandy. Maglumatlardan hem görnüşi ýaly, «Altyn asyryň» futbolçylary şu möwsümde şeýle şowsuzlyga ikinji gezek uçradylar.