Soňky habarlar

Arhiw

«Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» yglan edildi

11:3409.12.2021
0
447
«Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» yglan edildi

Golaýda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik düzüminiň harby gullukçylarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi.

Üç tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň tertibine laýyklykda, birinji tapgyr TÝG-niň ähli harby bölümleri we ýokary harby okuw mekdepleri derejesinde, ikinji tapgyr TÝG-niň ähli garnizonlarynda, jemleýji — üçünji tapgyr TGM-niň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirliginde geçirildi.

Harby gullukçylar bäsleşigiň şertlerine görä, tanyşlyk, test sowallaryna jogap bermek, sahna ussatlygyny görkezmek, çeper okaýyş, sowalnamada görkezilen tema boýunça çykyş etmek boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler.

«Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň netijesine laýyklykda, baýrakly 1-nji orna Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlary müdirliginiň garamagyndaky podpolkownik Halnepes Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölümiň aňtawçylyk rotasynyň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, uly leýtenant Jeren Kadyrowa, 2-nji orna TÝG-niň Guryýer goşunlary müdirliginiň garamagyndaky polkownik Magtymguly Magtymgulyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň aragatnaşyk rotasynyň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, uly leýtenant Gülzar Weliýewa, 3-nji orna bolsa TÝG-niň Harby-deňiz güýçleri serkerdeliginiň garamagyndaky harby bölümiň artilleriýa diwizionynyň artilleriýa batareýasynyň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, uly leýtenant Guwanç Allaberdiýew dagy mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň