Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda ýylyň okyjylary kesgitlenildi

17:0607.12.2021
0
1321

Daşoguz welaýat Medeniýet müdirligi we TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan welaýatyň kitaphanalarynyň arasynda guralan «Ýylyň okyjysy» atly bäsleşigiň jemi jemlendi. Bu barada «Daşoguz habarlary» gazeti ýazýar.

Welaýat kitaphanasynda geçirilen bu çärede okyjylaryň okan kitaplary, olaryň ýaş aýratynlyklaryna görä, kitaphana gatnaşyklary seljerildi. Soňra saýlanan okyjylar okan kitaplary dogrusynda gürrüň berdiler.

Sorag-jogap alşylyp, bäsleşigiň şerti boýunça, ýaş toparyna laýyklykda,

― 18 ýaşdan uly okyjylaryň arasynda has tapawutlanan S.A.Nyýazow adyndaky etrap merkezi kitaphanasynyň okyjysy Nurmyrat Aşyrow, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasynyň okyjysy Çynar Allakowa,

― 18 ýaşdan kiçi okyjylaryň arasynda welaýat kitaphanasynyň okyjysy Şakir Sapaýew, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasynyň okyjysy Abdyrahman Yrahow «Ýylyň okyjysy» atly bäsleşigiň ýeňijileri boldular.

Ýeňijilere welaýat Medeniýet müdirligi we TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň