Türkmenistanda bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep bilen çagalar bagy yglan edildi

10:1301.12.2021
0
1968

Aşgabat şäheriniň 89-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep», «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bäsleşigiň esasy maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy bagy-bossanlyga öwürmekde görelde görkezýän bilim edaralaryny ýüze çykarmakdan, olaryň iş tejribesini ýaýratmakdan, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýaş nesli işjeň çekmekden, olarda tebigata söýgi döretmekden, ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň şertlerine görä, mekdepleriň we çagalar baglarynyň arasynda degişli işleriň alnyp barlyşyna, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine, miweli, saýaly baglaryň, bezeg we gülli ösümlikleriň ösdürilip ýetişdirilişine, ideg edilişine, bilim we hyzmat ediş işgärleri bilen daşky gurşawy goramak boýunça işleriň, baglara ideg etmegiň ýola goýluşyna baha berlip, bilim edarasynda döredilen «Tebigat» burçunyň bezelişi, ata-eneler bilen mekdebi bagy-bossanlyga öwürmekde geçirilýän işler göz öňünde tutulyp, bu babatda döreden surat albomlarydyr wideoýazgylary, prezentasiýalary bilen has tapawutlananlar ýeňijiler hökmünde yglan edildi.

Şunlukda, «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» atly bäsleşigiň şertleri boýunça has tapawutlanan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdep birinji orna mynasyp boldy. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdep, Aşgabat şäherindäki 84-nji ýöriteleşdirilen orta mekdep ikinji orny, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky 11-nji orta mekdep,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 19-njy orta mekdep, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 24-nji orta mekdep bolsa, degişlilikde, üçünji orny eýeledi.

Türkmenistanyň çagalar baglarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde Aşgabat şäherindäki 184-nji çagalar bagy birinji orna mynasyp boldy. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 32-nji çagalar bagy, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 18-nji çagalar bagy ikinji orna, Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky 12-nji çagalar bagy, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 12-nji çagalar bagy, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 18-nji çagalar bagy üçünji orna mynasyp boldular.

Ýeňijilere Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň