Soňky habarlar

Arhiw

«Kaýratyň» Gazagystanyň kubogynyň finalyndaky garşydaşy belli boldy

13:0023.11.2021
0
5752

Almatynyň «Kaýrat» futbol toparynyň Gazagystanyň kubogynyň finalyndaky garşydaşy belli boldy. Türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň şägirtleri final duşuşygyny Karaganda şäheriniň «Şahtýory» bilen geçirer. «Şahtýor» Kostanaý şäheriniň «Tobol» toparyny iki duşuşygyň netijesinde 7:2 hasabynda ýeňdi.

Gazagystanyň kubogy ugrundaky ýaryş şu ýyl 29-njy gezek gezek geçirilýär. Onuň ýeňijisi geljek ýylda Ýewropanyň Konferensiýalar ligasynyň ikinji saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Final duşuşygy 28-nji noýabrda Aşgabat wagty bilen agşam sagat 19:30-da Nur-Sultan şäherindäki «Astana Arena» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň