Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Britaniýada on ýyl mundan öň ýiten pişik tapyldy

12:4920.11.2021
0
1495

Uly Jinj atly pişik on ýyldan soň öz hojaýynlaryna gaýdyp geldi, ol 2011-nji ýylda öz eýeleri Kolin Kleýton bilen Ýewa Bellaminiň asal aýy wagtynda Birmingemiň derýalarynda barjada (gäminiň kiçeňräk görnüşi) gezelenç edýärkäler, gaçyp gitdi. Bu barada ВВС habar berýär.

Kolin bilen Ýewanyň Uly Jinj we ýene iki sany pişigi barjada ýaşaýardylar, olar köplenç üç bolup gezelenç ederdiler, emma hemişe öýe dolanyp gelmezdiler. Bir gezek beýleki iki pişik gaýdyp geldi, emma Uly Jinj ýitirim boldy.

Är-aýal oňa bäş gün garaşdy, ondan soň ýitdi diýip, hasaba aldyrdylar. Pişige çagaka çip dakypdylar, onda Jinjiň eýesiz däl-de, ýitendigi barada maglumat ýerleşdirilipdi.

Şondan soň pişigiň soňsuz ykmandalygy başlandy, ol ýurduň dürli etraplarynda göze ildi, ahyry ol Liçfild şäherjiginde ýerli ýaşaýjylaryň biriniň ünsüni çekdi.

Ýagny ýerli ýaşaýjylaryň biri ony ele saldy we Marmelad diýip at dakdy. Uly Jinj täze eýesiniňkide galyberdi, aradan köp wagt geçensoň, täze hojaýyny Marmeladyň boýnunyň çep gapdalyndaky çişi gördi, weterinara eltende, pişigiň keselli däl-de, çep boýun gapdalynda çip bardygy anyklandy. Çipi öwrenip, pişigiň hakyky adynyň Uly Jinjdigini hem-de onuň mundan on ýyl ýitendigini anykladylar.

Şondan soňra onuň hakyky eýelerine jaň etdiler, Jinjiň ilki hojaýynlary pişikleriniň tapylandygy barada habara haýran galdylar.

Häzir Uly Jinj öz dogduk öýüne gowuşdy. Eýeleri indi pişigi ýene ýitmezligi üçin köçä goýbermezlik kararyna geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň