«Şypaly Çomuç» dermanhanasy internet toruny işjeň ulanýar

15:4611.11.2021
0
4429

«Şypaly Çomuç» dermanhanasy sarp edijilere ähli zerur maglumatlary we täzelikleri öz wagtynda habar bermeklik üçin internet torlaryndan netijeli peýdalanýar. Indi, instagram internet torundan «Şypaly Çomuç» dermanhanasynyň resmi sahypasyna girip bolýar.

«Şypaly Çomuç» dermanhanasynyň instagram sahypasynda dermanlar we olary ulanmagyň usullary baradaky teklipler beýan edilýär. Mundan başga-da, müşderi @lalezarapteka profiline agza bolmaklyk bilen, «Şypaly Çomuç» dermanhanasy tarapyndan yglan edilen ähli arzanlaşyklardan we aksiýalardan habarly bolar.

«Şypaly Çomuç» dermanhanasy internet torundaky resmi sahypalarynyň agzalary bilen ýakyndan işleşmäge synanyşýar. Bu maksat bilen dermanhana internet torundaky resmi sahypalarynyň hat-habar alyş-çalşygy ulgamy esasynda müşderilerine gyzyklanma bildirýän islendik soraglaryny bermäge mümkinçilik döretdi. «Şypaly Çomuç» dermanhanasy internet torundaky resmi sahypalarynyň hat-habar alyş-çalşygy ulgamyna gelen soraglara ugrukdyrma jogabyny bermek hyzmatyny hem amal edýär.

«Şypaly Çomuç» dermanhanasynyň resmi web sahypasy hem hereket edýär. Bu web sahypanyň önüm bölüminde dermanlaryň ulanyş usullary baradaky görkezmeler babatdaky peýdaly maglumatlar, suratlar bar.

«Şypaly Çomuç» dermanhanasynyň resmi web sahypasyna girip, özüňize zerur bolan dermanlary öýüňize eltip berme hyzmaty bilen sargyt edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň