Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi

21:3609.11.2021
0
6829

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ägirt uly kuwwata eýe bolan türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň işine hem-de işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklara möhüm orun degişlidir.

Awstriýanyň we tutuş Ýewropa işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga çalyşýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli geňeşmeleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Awstriýa Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berýär we türkmen Lideriniň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge hem-de dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň berkidilmegine, Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän başlangyçlaryny doly goldaýar.

Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy, sebit we ählumumy derejede howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmäge tagallalary birleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhart döwletara gatnaşyklaryň taraplaryň oňyn tejribesine hem-de hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşyga Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň