Top.Mail.Ru

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry täze aýdym-sazly komediýasyny sahnalaşdyrdy

17:4009.11.2021
0
5347

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry “Ýürek telwasy” atly täze aýdym-sazly komediýasyny sahnalaşdyrdy. Onda köpçülikleýin sahnada teatryň artistleri, şeýle hem balet tans toparynyň tansçylary çykyş edýär.

Sahna oýnunyň edebi esasyny Batyr Batyrow ýazdy. Başarnykly artistleriň çykyş etmeginde ýaşlaryň durmuşyny göwnejaý suratlandyrýan bu komediýa oýny pandemiýa şertleriniň ýüze çykandygyna garamazdan, teatr işgärleriniň halkyň islegini kanagatlandyrjak eserleri döretmäge çemeleşýändigini we ýakyn geljekde tomaşaçylara ýokary taýýarlykly sahna oýunlaryny hödürlejekdigini görkezýär.

Drama eserinde häzirki döwrüň wakalary, zähmetkeş ýigidiň we döredijilige imrinen gyzyň ykbaly suratlandyrylýar. Olaryň söýgüsiniň, birek-birege garaýşynyň, ýürek telwasynyň duýgulary eseriň mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýär.

Sahna oýnunyň sýužetine laýyklykda, Bägül atly gyz täsirli nakgaş eserini döretmegi maksat edinip, oba gelýär. Ol ýerde bolsa onuň eserlerini Daýanç diýen süýt satýan bir oglan görüp, olarda nazary eglenýär, onuň göwnüne Bägüliň özi hem örän ýaraýar. Işeňňir oba oglany nakgaş gyzyň köňlüni awlap, olaryň arasynda söýgi duýgusy möwç alýar. Bularyň arasynda gyzyň ejesiniň gyzyny süýtçi oglandan daşlaşdyrmak meýlinden, oglanyň ejesiniň bolsa ogluny ýaşlykdan oňa adagly Aýna öýermek islegi bilen gapma-garşylyk döreýär. Netijede, Daýanç özüne döwrebap tehnologiýaly kärhana açynyp, onuň netijeliligini ýokarlandyrýar, gyz bolsa eserlerini sergide tanyşdyryp, has-da meşhurlyga eýe bolup, işi ilerleýär. Ahyrynda bolsa, eneler öz eden ýalňyşlaryna düşünip, perzentlerini bagtly etmegiň aladasyna girişýärler.

Režissýor Döwran Saryýewiň, kompozitor Hudaýnazar Amangeldiýewiň, hudožnik Perman Döwletowyň, geňeşçi halypa — Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň we beýlekileriň tagallalary bilen, artistleriň durmuşy janly suratlandyrmak tejribesi esasynda goýlan sahna oýny teatr möwsüminde ilkinjileriň hatarynda tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler. Belläp geçsek, “Ýürek telwasy” atly aýdym-sazly komediýa sahna oýnunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Leýlisaç” atly aýdymy hem beýanyny tapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň