Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat ― Türkmenabat awtobanynyň üçünji tapgyrynyň gurluşygynda grawi daşlary düşelip başlandy

02:0404.11.2021
0
1529

Şu günlerde ýerli gurluşykçylar Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň ikinji we üçünji tapgyrlarynyň gurluşygyny güýçlendirdiler.

Gurluşygyň üçünji tapgyrynda degişli 125 kilometrlik ýoluň 110 kilometri dürli gatlaklary düşemäge doly taýýar edildi. Arassalanylan çägiň ini 100 metre ýetýär. Bu bolsa ýoluň ugrunda goşmaça binalary gurmaga hem mümkinçilik berer.

Mundan başga-da üçünji tapgyryň 21 kilometrinde ýoluň çyg geçirmeýän iň aşaky bölegi bolan geotekstil we 30 santimetr galyňlykda grawi daşlaryny düşemek işleri tamamlandy. Grawi Duşakdaky känden daşalýar.

Ýeri gelende aýtsak, üçünji tapgyr umumy uzynlygy 600 kilometr bolan ýoluň 475-nji kilometrinden başlaýar. Şeýlelikde onuň başlangyç nokady hökmünde Baýramaly etrabynyň Bagtyýarlyk şäherçesiniň üç kilometrlik günbataryny görkezip bileris. Ýol Türkmenabadyň daşyndan Faraba uzaýan aýlaw ýoluň çatrygynda tamamlanar. Ýoluň dowamynda köpsanly köprülerdir geçelgeler gurlar. Täze ýol ozalky Türkmenabat ― Mary ýolunyň 800 metr ― 1,5 kilometr uzaklygyndan geçer.

Bu tapgyrda, esasan, «Ata Melhem» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary işleýär. Häzirki wagtda ýol gurluşykçylaryň sany 150 adamdan dagy geçýändir. Işiň agramly böleginiň sährada geçýändigine garamazdan, gurluşykçylar üçin amatly ýaşaýyş we iş şertleri üpjün edilýär. Şeýle hem işlerde 100-e golaý kuwwatly tehnikadan peýdalanylýar.

Şu günler birinji tapgyrda ulanylan tehnikalaryň we işlän hünärmenleriň aglabasy ýoluň Tejen ― Mary we Mary ― Türkmenabat bölegine göçýärler. Mümkinçilikleriň has artmagy bilen, gurluşygyň depgini güýçlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň