Top.Mail.Ru

G20: Asyryň ortasyna çenli uglerod bitaraplygyny gazanmaly

16:5003.11.2021
0
445

“Ýigrimiligiň” Rimde geçen sammitiniň netijeleri boýunça dünýä döwletleriniň liderleri bilelikdäki kommýunike kabul etdiler, onda ählumumy maýylganlygy 1,5 derejede çäklendirmek we kowide garşy sanjymlara hemmeleriň elýeterliligini gazanmak bellenilýär. Bu barada DW habarlar gullugy ýazýar.

Şeýle hem sammite gatnaşyjy döwletleriň ýolbaşçylary 21 asyryň ortasyna çenli parnik gazlarynyň howa taşlanýan möçberini nol derejä ýetirmek wezipesini esasy borç hökmünde kesgitlediler. Emma 31-nji oktýabrda kabul edilen jemleýji resminamada anyk wezipeler beýan edilmändir, şeýle hem ählumumy uglerod bitaraplygyna ýetmegiň takyk möhleti hem görkezilmändir.

Öň ABŞ, Ýewropa Bileleşigi uglerod bitaraplygyna ýetmegi 2050- njy ýyla çenli, Hytaý, Russiýa we Saud Arabystany bu möhleti 2060-njy ýyl diýip görkezipdiler.

Mundan başga-da sammitde COVID-19 ýokanjyna garşy göreş meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy, agza döwletler dünýäde sanjyma hemmeleriň adalatly, öz wagtynda ählumumy elýeterliligini üpjün etmek barada ylalaşdylar, bu 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli dünýä ilatynyň 70 göteriminde sanjym geçirmäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň