Berdimuhamedow YHG-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

23:0728.10.2021
0
8456

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Myhman türkmen Lideri bilen mähirli salamlaşyp hem-de Türkmenistana gelmäge çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, YHG-nyň işjeň agzasy we şu ýylky başlygy hökmünde Türkmenistanyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýetini belledi. Dünýä derejesinde Türkmenistanyň belent abraý getiren Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasatyny Ykdysady hyzmatdaşlyk Guramasynyň doly goldaýandygy nygtaldy.

Jenap Husraw Noziri Aşgabatda ilkinji gezek bolýandygyny aýdyp we şäheriň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berip, ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözelliginiň hem-de binagärliginiň ýokary baha mynasypdygyny aýratyn belledi. Aşgabat Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň aýdyň beýany bolup durýar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary mümkinçilikden peýdalanyp Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we bu şanly senäniň şu ýyl Aşgabatda geçiriljek YHG-nyň XV sammiti bilen gabat gelendigini bilen nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda abraýly sebitleýin we halkara guramalar bilen giňden gatnaşyk etmäge hemişe açykdygyny belledi. Türkmen Lideri bular barada aýdyp, YHG bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini nygtady. BU gurama bilen bilelikde işlemegiň uly tejribesi toplanyldy. Şonuň bilen birlikde Türkmenistan bu gurama agza ýurtlar bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň YHG-ä häzirki başlyklyk etmegiň hem-de degişli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi babatda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi we esasy ugurlary barada pikir alyşmalar boldy.

28-nji noýabrda — YHG-nyň gününde Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Jenap Husraw Noziri oňyn we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň öňe ilerledilmeginde berýän goldawy üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň Aşgabatda üstünlikli, ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine hem-de çuň many-mazmuna eýe boljakdygyna ynam bildirdi. BU ýerde munuň üçin ähli şertler döredildi. Bellenilişi ýaly, munuň üçin YHG tarapyndan hem ähli tagallalar ediler.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň tutuş dünýäde abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene bir gezek tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň