«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat öz işine başlady

21:4227.10.2021
0
9434

Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat öz işine başlady. Maslahat “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” korporasiýasy tarapyndan hem-de “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy bellenen şu ýyl energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu abraýly maslahat diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan onlaýn usulda dünýäniň onlarça ýurduna görkezilýär. Oňa Hökümet düzümleriniň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly guramalaryň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly maslahata goşuldy.

Maslahatyň umumy mejlisi ählumumy energiýa ulgamynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki ösüşine bagyşlandy. Türkmen tarapyndan çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz bu strategik ulgamda halkara hyzmatdaşlyga ählumumy abadançylygy, rowaçlygy we gülläp ösüşi kesgitleýän ýagdaýlaryň biri hökmünde garaýar.

Sanly ulgam arkaly çykyş eden Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň birnäçe ugurlar, hususan-da, halkara nebit bazarynda durnuklylygy üpjün etmek boýunça netijeli gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýändigini tassyklady.

Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň ekologik ugurlaryna aýratyn üns çekildi. Çykyşlarda halkara hyzmatdaşlyk meseleleriniň üstünde durlup geçildi. Bilelikdäki möhüm taslamalaryň soňky ýyllarda uly ösüşe eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň miwesidigi nygtaldy.

Soňra maslahatyň işi dürli ugurlar boýunça dowam etdi. Şolaryň ilkinjisi “Nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: gury ýerdäki maýa goýum taslamalaryna syn” baradaky meselä bagyşlanyp, nebitgaz senagatynda geologik gözlegler, TNGIZT-niň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça täze taslamalar, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň tejribesi we geljegi, onuň geologiýa nusgasynyň soňky täzelenişi, şeýle hem pes uglerodly energiýa bolan elýeterliligiň möhümligi, Türkmenistanyň tebigy gazynyň eksportynyň geljegi ýaly ýurdumyz üçin wajyp meseleleri özünde jemledi.

Çykyşlarda “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde geçirilýän işlere aýratyn ähmiýet berildi.

Maslahatyň dowamynda resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, şu gün “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Daniýa Patyşalygynyň “Haldor Topsoe A/S” kompaniýasynyň arasynda Tebigy gazy monetizasiýa etmek arkaly ammiak we metanol önümçiligi boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe nebitgazly ýatagynyň gündogar böleginde we Günorta Burun künjeginde 3D we 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen Singapur Respublikasynyň “Ýug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň arasynda Şertnama; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasynyň arasynda TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça Şertnama gol çekildi.

Ertir maslahat öz işini dowam eder. Oňa gatnaşyjylar “Nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: gury ýerdäki we Hazar deňziniň türkmen bölegindäki maýa goýum taslamalaryna syn”, “Maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde häzirki döwrüň ýagdaýlary”, “Tebigy gaz we alternatiw energiýa çeşmeleri — pes uglerodly geljege geçmegiň açary”, “Ylmy barlaglar we işläp taýýarlamalar babatda häzirki zaman gazanylanlar hem-de nou-haular” ýaly ugurlary özünde jemleýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar.

Utgaşykly görnüşde geçirilýän maslahatyň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň sergi bölüminden göni alnyp görkeziliş göz öňünde tutulýar. Şol ýerde Aşgabatdaky maslahat bilen birlikde “Tebigy gaz we alternatiw energiýa çeşmeleri — pes uglerodly geljege geçmegiň açary” diýen mesele boýunça mejlis geçirilýär.

Iki günlük maslahatyň çäklerinde dünýäniň dürli nebitgaz kompaniýalary tanyşdyryş maglumatlary bilen çykyş ederler, toplanan tejribeleri we täze işläp taýýarlamalaryny paýlaşarlar.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň we onuň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň wekilleriniň arasynda bu pudakda gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklary geçirmek bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň