Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk gepleşikleri geçirdiler

15:4425.10.2021
1
9737

Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Ýokary derejedäki ikiçäk gepleşiklerden öň, Garaşsyzlyk meýdançasynda resmi garşylama dabarasy bolup geçdi. Hormat garawulynyň başlygy iki döwletiň Baştutanlaryna hasabat berdi, soňra Gazagystanyň we Türkmenistanyň döwlet senalary ýerine ýetirildi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kasym-Žomart Tokaýew hormat garawulynyň ýanynda resmi wekiliýetleriň agzalaryny biri-biri bilen tanyşdyrdylar.

Dabaranyň ahyrynda ikiçäk gepleşikler geçirildi. Döwlet Baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berip, türkmen-gazak strategiki hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň bilen birlikde dünýä we sebitleýin gün tertibiniň meseleleri dogrusynda hem bellenildi.

Gazagystanyň Prezidenti türkmenistanly kärdeşine doganlyk Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmegine çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi:

— Mukaddes türkmen topragyna gelen ilkinji minutlarymyzdan myhmansöýerligi duýduk. Aýratynam, ajaýyp Aşgabat şäherinde bolmak meniň üçin juda ýakymly. Şäheriň binagärlik özboluşlylygy we hili bizi ýene-de haýran galdyrdy. Döwlet sapary barada aýdylanda bolsa, biz oňa giňden taýýarlyk gördük. Wekiliýetimizde Gazagystan Respublikasynyň esasy ulgamlarynyň ýolbaşçylary geldiler. Döwletleriň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine çynlakaý itergi bermäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Türkmen halky biziň üçin doganlyk halkdyr. Bu dostluk asyrlarboýy dowam edip gelýär. Biziň umumy serhedimiziň bolmagy döwletleriň özboluşly baglanyşygydyr. Doganlyk Türkmenistanyň halkyna diňe ýagşy niýetlerimiz bar. Iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge gatnaşmak bilen, daşary syýasatymyzyň bu ugrunyň ileri tutulýandygyna ynanýarys. Bu saparyň dowamynda hyzmatdaşlygymyzyň ugurlaryny kesgitleýän örän möhüm resminamalara gol çekiler diýip umyt edýäris. Şunuň bilen hem öňküler ýaly halkara derejesinde işjeň hyzmatdaşlyk ederis.

Gazagystan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine uly hormat goýýar – diýip, Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow hem öz gezeginde Kasym-Žomart Tokaýewe çakylygy kabul edendigi we Türkmenistana döwlet sapary bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

— Biz siziň döwlet saparyňyza uly ähmiýet berýäris. Türkmenler bilen gazaklaryň gadymyýetden gaýdýan ruhy we taryhy baglanyşyklary bar. Şonuň üçin gatnaşyklarymyz hemişe durnukly we ynamly bolup geldi. Döwlet saparyňyz ikitaraplaýyn doganlyk we strategiki gatnaşyklarymyza uly itergi berer we halklarymyzyň we doganlyk ýurtlarymyzyň peýdasyna, olary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer. Halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan goşandyňyz üçin Size sag bolsun aýdýaryn – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň