“Kaýrat” futbol topary 2021/22 möwsüminde Konferensiýa ligasynda Gazagystandan wekilçilik eder. Häzirki möwsümiň netijeleri boýunça Almatynyň topary milli çempionatda bürünç medala mynasyp boldy.
Bu “Astana” toparynyň gazak çempionatynyň 24-nji tapgyryndaky ýeňşinden soň mälim boldy. Çempionatda 47 utuk toplan “Kaýrat” bolsa indi “Tobol” (55 oçko) hem-de “Astana” (56) toparlarynyň yzynden ýetip bilmez.
Gazagystanyň çempionatynyň altyn medally ilkinji orny üçin bolsa “Tobol” we “Astana” toparlary bäsleşer.
Belläp geçsek, “Kaýrat” topary indiki duşuşygyny 21-nji oktýabrda geçirer. Almatynyň toparynyň Konferensiýa ligasynyň toparçadaky 3-nji tapgyrynda geçirjek bu oýny Azerbaýjanyň “Garabag” toparyna garşy bolar.
Gazagystanyň çempionatyndaky galan iki duşuşygyny “Kaýrat” ilki öz meýdançasynda “Astana” (24-nji oktýabr), soň bolsa myhmançylykda “Žetysu” toparlary bilen geçirer (30-njy oktýabr).
“Kaýrat” Gazagystanyň häzirki çempiony hasaplanýar. Topar geçen ýyl milli çempionatda 16 ýyldan soň ilkinji gezek ýeňiji bolmagy başardy.
“Kaýrat” möwsümiň başyny belarusly tälimçi Alekseý Şpilewskiniň ýolbaşçylygynda başlapdy, ýöne onuň iýun aýynda Germaniýanyň ikinji ligasyna gitmegi bilen topara awgust aýynyň ortalaryna çenli tälimçilik eden gyrgyzystanly
Kirill Keker gelipdi. Şol bir wagtyň özünde “Kaýrat” toparyň gözegçilik geňeşiniň başlygynyň geňeşçisi bolup işlän Kurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda tälim alyp başlady.