Soňky habarlar

Arhiw

Moskwadaky konsert günbatar we gündogar sungatyny birleşdirer

12:3912.10.2021
0
9821

Şu ýylyň 20-nji oktýabrynda Puşeçnaýadaky Moskonsert zalynda Gündogaryň we Günbataryň saz sungaty birleşer. Çünki bu ýerde Türkmenistanda we Russiýada meşhur kompozitor Mämmet Hüseýinowyň täze eserleri ýaňlanar.

Konsertiň birinji bölüminde Russiýanyň halk artisti Leonora Dmiterko kompozitoryň skripka üçin täze eserler ýygyndysyndan eserler ýerine ýetirer.

Konsertiň ikinji bölümi nusgawy kompozitorlaryň meşhur miniatýuralary bilen bezeler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň