Arhiw

“Altyn Asyr” aragatnaşyk operatory Türkmenistanda mobil toruny döwrebaplaşdyrýar

13:5510.10.2021
0
48857
“Altyn Asyr” aragatnaşyk operatory Türkmenistanda mobil toruny döwrebaplaşdyrýar

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öýjükli aragatnaşyk ulgamyny giňeltmegi nazarda tutup, zerur enjamlary satyn almak üçin halkara tender geçirdi.

Agentligiň resmi saýtynda bellenilmegine görä, Türkmenistanda ykjam internet ulgamynyň işini häzirki zaman derejesine laýyklykda guramak üçin täze enjamlary satyn almak meýilleşdirilýär. Degişli tenderiň netijesinde birnäçe daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň teklipleri kabul edildi.

Bellesek, “Altyn Asyr” aragatnaşyk kärhanasy 2004-nji ýylda döredildi. Ol GSM standartly öýjükli aragatnaşyk operatorlarynyň Bütindünýä assosiasiýasynyň agzasy bolup, 438 02 indeksde TM CELL söwda belgisi bilen hasaba alyndy. Häzirki wagtda operator 2G GPRS, 3G WCDMA we 4G LTE tehnologiýalary esasynda internet hyzmatlaryny ulanyjylara hödürleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň