7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň «Yandex» kompaniýasynyň Tehnologiki direktory A.Bolhowitýanowyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler geçirildi. Onda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, bu ulgamlarda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da A.Bolhowitýanow «Yandex gözleg» ulgamyna türkmen dilini girizmek, «Yandex karta» ulgamyna Türkmenistanyň işlenen kartasyny girizmek hem-de birnäçe berilýän hyzmatlara integrirlemek («Yandex taxi», Emeli aň, Emeli aňly taksi hyzmaty, Emeli aňly eltip bermek hyzmaty we ş.m.) we «Bulut tehnologiýalary», maglumat gorlary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri barada belläp geçdi.
Duşuşygyň barşynda, beriljek hyzmatlary ýurdumyzyň ýerli (lokal) serwerlerinde gurnamak mümkinçiligi barada gyzyklanyldy. Aleksandr Bolhowitýanow öz gezeginde bu ugurlarda hyzmatdaşlyga isleg bildirilen ýagdaýynda aýratyn hünärmenler bilen iş duşuşygyny guramaklygy we has içgin öwrenmekligi teklip berdi.