Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan bilen Türkmenistan bilelikde awtoulag önümçilgini ýola goýar

16:1804.10.2021
0
92357

Özbegistan bilen Türkmenistan bilelikde awtoulag tehnikalary we elektrotehnika önümçiligini ýola goýar. Bu önümçilik boýunça bähbitleri birleşdirmek şu gün Daşkentde geçirilen türkmen-özbek ykdysady forumynyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlary we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň beýannamasyna salgylanyp, repost.uz internet saýty habar berýär.

«Uzawtosanoat» we «Türkmenistan-Motors» bilelikdäki kärhanalary önümçiligiň ilkinji ýylynda 10 müň sany oba hojalyk tehnikalaryny we tirkegleri öndürmegi, geljekki 4-5 ýylyň dowamynda bolsa bu önümçiligi 50 müňe ýetirmegi meýilleşdirýär.
Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda öňden bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýokary derejede ösdürildi. Bu ugurda 1996-njy ýyldan bäri söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döwletara komissiýasy hereket edýär. Şu ýylyň sentýabrynda bolsa komissiýanyň 16-nji mejlisi geçirilip, onda iki döwletiň arasynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek maslahatlaşyldy.
Ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde söwda dolanyşygyny ýaýbaňlandyrmak çykyş edýär. Geçen 8 aýyň netijelerine laýyklykda, söwda dolanyşygy 418 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Döwletler geljekde bu görkezijini 1 milliard ABŞ dollaryna ýetirmegi maksat edinýär. (2020-nji ýylyň hasabatyna laýyklykda, bu söwda dolanyşygy 527 million ABŞ dollaryna deň boldy).
Bulardan başga-da, dostlukly goňşy döwletler senagat önümçiligini, şeýle-de ulag-logistika ulgamyny we sebitara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmagy göz öňüne tutýarlar.
Ozal bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Uzsanoateksport» kompaniýasyndan agrosenagat toplumy üçin oba hojalyk tehnikalaryny we tirkegleri satyn almak baradaky Karara gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň