Dünýäniň köp ýurtlarynda pandemiýa zerarly kinoteatrlar öz işini togtatdy. Uzak gündogar afrika döwleti bolan Somalide bolsa, soňky otuz ýyl bäri kino bir gezegem görkezilmändi. Sebäbi tä şu hepdä çenli ol ýerde ýeke kinoteatr hem ýokdy.
Bir wagtlar bu ýurtda şüwlümli medeni durmuş gaýnap-joşýardy, teatrlardyr kinozallar işleýärdi.
Olaryň naýbaşylarynyň biri-de, Mogadişodaky hytaý inženerleri tarapyndan gurlan, HHR-niň şol wagtky Başlygy Mao Szedun tarapyndan sowgat berlen Milli teatrdy. Emma 1991-nji ýylda Somalide raýatlyk urşy başlanyp, ony harby düşelgä öwürdiler, 2012-nji ýylda täzeden işläp başlanda bolsa, ýykgynçy tarapyndan partladyldy.
22-nji sentýabrda Milli teatr täzeden açyldy, onda ýerli kinorežissýoryň surata düşüren gysga göwrümli filmleri görkezildi. Petekler bolsa, gymmat boldy— tutuş 10 amerikan dollary, emma muňa garamazdan, zal adamdan hyryn-dykyn doldy.