Soňky habarlar

Arhiw

Belarusda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy

11:0429.09.2021
0
4865

Türkmenistanyň baş baýramy – Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli GDA-nyň Minskdäki Ýerine ýetiriji komitetinde sergi açyldy.

Ol Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Belarus Respublikasynyň Prezident kitaphanasynyň kömegi bilen taýýarlandy, – diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Sergä halkymyzyň özboluşly medeniýeti, baý taryhy, özboluşly tebigaty we binagärlik ýadygärlikleri barada gürrüň berýän kitaplar, albomlar, suratlar girizildi. Sergi halkymyzyň Garaşsyzlyk döwründe gazananlary we ýurdumyzyň gözel ýerleri baradaky slaýdlary görkezmek bilen utgaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň