Russiýanyň hökümeti 2022-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli Türkmenistanyň raýatlary babatda «Путешествую без COVID-19» («COVID-19-syz syýahat edýärin») mobil goşundysyndan hökman peýdalanylmalydygy baradaky talaby ulanmazlyk hakynda karar kabul etdi. Bu barada Russiýanyň ilçihanasynyň resmi saýty ýazýar.
Şeýlelikde, Russiýanyň çägine girmek üçin koronawirus infeksiýasynyň ýokdugy barada 72 sagadyň dowamynda tassyklanan nusgadaky alnan güwänamany görkezmegiň hökmanylygy baradaky ozal hereket eden düzgünler güýjünde galýar.
Russiýanyň çägine girmek üçin Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Moldawiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň raýatlary üçin «Путешествую без COVID-19» goşundysynyň hökmandygyny ýatladýarys. Ol ýolagçylaryň özleri üçin hem, uçmaga rugsat berýän ygtyýarly edaralar üçin hem koronawirus infeksiýasyna PSR-barlaglaryň netijesine gözegçilik etmek üçin amatly.