«Nazarly Ada» dermanhanasy döredilmeginiň bir ýyllygy mynasybetli müşderilerine 3 göterim tygşytlaýyş kartyny düýbünden mugt almaklyk üçin ajaýyp mümkinçilik hödürleýär. Munuň üçin müşderini ulgamda bellige aljak, kart we zerur maglumatlary berjek dermanhanaçy bilen habarlaşmaly.
«Nazarly Ada» dermanhanasy — bu dünýä derman bazarynda uly abraý gazanan iri we ynamdar üpjün edijiler bilen gönüden-göni işleýän, adalatly bahaly täjirçilik dermanhanasydyr.

«Nazarly Ada» dermanhanasynda dermanlaryň dogry saklanmagy we bellik edilmegi sebäpli, bu dermanhana tarapyndan iberilýän dermanlar howpsuz we ýokary hillidir.
«Nazarly Ada» dermanhanasynyň ähli dermanlary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kepillendirildi we ulanmak üçin tassyklandy.
Mundan bir ýyl ozal raýatlara hyzmat etmek maksady bilen döredilen «Nazarly Ada» dermanhanasy müşderileriniň ynamyny gazanyp bildi, sebäbi bu dermanhanada esasy tapawut — Aşgabat şäheriniň iň oňat dermanhanaçylary her bir müşderä ýokary derejeli we aýratyn çemeleşýär.
«Nazarly Ada» dermanhanasynda dermanlardan başga-da ýara daňylýan hasalaryň, eneler we çagalar üçin niýetlenilen melhemlik önümleriniň, saglygy goramak üçin zerur bolan dermanlyk ösümlikleriniň we efir ýaglarynyň, witaminleriň we minerallaryň, şeýle hem deriniň islendik görnüşi üçin niýetlenilen wesme (kosmetika) serişdeleriniň köp görnüşi bar. Dermanhananyň tejribeli hünärmenleri müşderilerine bu dermanlyk serişdeleriniň zeruryny saýlamaga kömek edýär.
«Nazarly Ada» dermanhanasy sarp edijilere amatly bolan dürli hyzmatlary hödürleýär. Bu dermanhana zerur bolan dermanlyk harytlary müşderiniň öýüne eltip berme hyzmatyny hem amal edýär. «Nazarly Ada» dermanhanasy sargyt edilen dermanlyk harytlary müşderiniň öýüne bir sagadyň içinde eltip berýär.
«Nazarly Ada» dermanhanasy derman bazarynda hereket eden bir ýylynyň içinde sarp edijileriň hoşniýetliligini we ynamyny gazanmagy başardy.
«Nazarly Ada» dermanhanasynyň ýerleşýän binasynyň umumy meýdany 150 inedördül metr bolup, diýseň giň we müşderi üçin örän amatlydyr. Bu binada bir wagtyň özünde bäş sany satuw penjiresi müşderilere hyzmat edýär.
«Nazarly Ada» dermanhanasynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 64-nji jaýy (Perwomaýskaýa bilen Şaumýanyň çatrygy).
«Nazarly Ada» dermanhanasynyň iş wagty: sagat 08:00-dan 23:00-a çenli.
Goşmaça soraglar üçin aragatnaşyk maglumatlary:
«Nazarly Ada» dermanhanasynyň telefon belgileri: (+993 12) 92-73-73; (+993 12) 92-78-78.
«Nazarly Ada» dermanhanasynyň instagram sahypasy: @nazarly_ada
«Nazarly Ada» dermanhanasynyň elektron poçtasy: dermanhana.nazarlyada@gmail.com

