Soňky habarlar

Arhiw

«Umytly ýol» hususy kärhanasy hyzmatlaryň bir ýerde elýeterligini döredýär

10:1025.09.2021
0
7698

2020-nji ýylda döredilen «Umytly ýol» hususy kärhanasy eýýäm ilat arasynda meşhur haryt-nyşanly önüm öndürijiler bilen hyzmatdaşlygy, ýokary hilli harytlary we hyzmatlary, müşderiler bilen ysnyşykly gatnaşygy bilen özüni tanatdy. Bu hususy kärhana esasy gurluşyk harytlar, ot söndüriji ulgamy gurnamak, abatlamak, ýaramlyk möhleti dolanda täzelemek, kameralary, çiller we ýyladyjy enjamlary, liftleri hem ekskalatorlary gurnamak we abatlaýyş işini geçirmek bilen meşgullanýar. Kärhananyň ilata hödürleýän enjamlary dünýäniň iň meşhur önüm öndürijileri ― Germaniýa we Italiýa döwletleriniň iri kompaniýalary tarapyndan taýýarlanýan harytlardyr. Şeýle ýokary hilli we dürli ugurly enjamlar «Umytly ýol» hususy kärhanasy tarapyndan ýurdumyza getirilýär.

Bu hususy kärhana tarapyndan ýerine ýetirilýän gurluşyk we gurnama hyzmatlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Kärhananyň hünärmenleriniň hödürleýän ýokary derejeli gurluşyk hyzmatlaryna desgalarydyr binalary gurmak, olary tehniki taýdan enjamlaşdyrmak we desgalaryň tehniki guratlygyny gözden geçirmek degişlidir. Şunda desgalarda we öýlerde ýerleşdirilen tehniki enjamlar ― wideogözegçilik ulgamy, sorujylar, boýlerler, printerler, kompýuterler, awtomatiki gapylar we beýlekiler bilen bagly näsazlyklaryň ýüze çykan halatynda, olara aýratynlykda bejeriş we gurnama hyzmatlary ýerine ýetirilýär.

Hususy kärhananyň müşderiler üçin hödürlenilýän hyzmatlary bir ýere jemlemäge çalşylmagy onuň esasy aýratynlygydyr. Bu ýerde alyjylar özlerine zerur bolan harytlaryň ählisini bir ýerden tapyp bilerler. Munuň özi wagty tygşytlamaga ýardam edýär.

Häzirki wagtda kärhana daşary ýurtlardan getirilýän önümleri öz ýurdumyzda öndürmegi ýola goýmagy maksat edinýär.

«Umytly ýol» hususy kärhanasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, «Joşgun» söwda merkezi.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:+993(12) 21-70-02; +993(64) 99-79-79; +993(64) 25-70-70; +993(65) 60-60-91;

Goşmaça maglumatlar üçin: info@umytlyyol.com; www.umytlyyol.com; @umytlyyol (instagram).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň