Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Buker edebiýat baýragyna dalaşgärleriň deslapky sanawy yglan edildi

10:1316.09.2021
0
928

Şu gün, 15-nji sentýabrda Londonda halkara Buker edebiýat baýragynyň dalaşgärleriniň deslapky sanawy yglan edildi, dalaşgärleriň 6-syndan ybarat bolan sanaw baýragyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Şunlukda, abraýly edebiýat baýragyny almak ugrundaky bäsleşige ABŞ-dan bolan ýazyjylaryň üçüsi— Pulitser edebiýat baýragynyň eýesi Riçard Pauers “Aljyraňňylyk”, Patrisiýa Lukwud “Bu barada hiç kim dil ýarmaýar” we Meggi Şipsted “Uly tegelek” romanlary bilen gatnaşar.

Däläşgärleriň arasynda Şri-Lankadan Anuk Arudpragasam “Demirgazyga geçelge” we somalili ýazyjy zenan Nadifa Muhammet “Hokgabazlar”, şeýle-de günorta afrikaly Deýmon Gelgut “Wada” eserleri bilen orun aldy.

Baýragyň ýeňijileri 3-nji noýabrda BBC Radio teatrynda yglan ediler, baş baýragyň 50 müň ýewro pul sylagy bar.

Geçen 2020-nji ýylda Buker baýragyna şotland ýazyjysy Duglas Stýuart “Şaggi Beýn” romany bilen mynasyp boldy. Onuň kitabynyň esasynda çagalyk ýatlamalary ýatýar, baş gahryman 1980-nji ýylda Glazgo şäheriniň ýaramaz etrabynda kyn şertlerde önüp-ösen çagadyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň