Garpyzyň ynsan saglygyna peýdasy

14:4313.09.2021
0
7136

"Türkmenistan" gazetinde garpyzyň ynsan saglygyna peýdasy barada makala çap edildi. Onda şeýle diýilýär:

Garpyz hem melhemler bakjasynyň köp dertlere derman bolýan ajaýyp nygmatlarynyň biridir. Halk arasynda gawun-garpyz ýaly bakja önümleriniň gowusyny, bişenini saýlap almak babatda «Gawunyň — agyry, garpyzyň — ýeňili» diýen usul-tär hem peýdalanylýar. Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi» atly kitabynda bolsa şu babatda: «Abu Musehhir Gassany şeýle diýýär: «Kakam her gezek garpyz satyn alanda: — Eý, oglum, onuň gara çyzyklaryny sana! Eger-de şol çyzyklar täk bolsa, garpyzyň süýjüligini biläýgin! — diýerdi» diýlip bellenilýär.

Düzüminiň 90 göterimden gowragynyň suwdan ybaratdygy üçin, garpyz teşneligi gandyryjylygy, ýeňil siňýändigi bilen aýratyn tapawutlanýar.

Garpyz — B, C, E, PP witaminleriniň, pektin maddalarynyň, foliý turşusynyň we A prowitamininiň çeşmesi. Oňa gyzyl reňk berýän likopin maddasynyň ýürek-damar hem-de çiş keselleriniň öňüni almakda peýdasy uludyr. Şeýle-de onda demriň, marganesiň, magniniň, kaliniň, nikeliň, natriniň, fosforyň duzlary bar. Garpyzyň süýjüligi bolsa onuň düzümindäki fruktoza bagly bolýar.

Magniý — garpyzyň düzümindäki iň gymmatly elementleriň biri bolup, ol gan damarlarynyň çeýeligini saklaýar we bedeniň holesterinden saplanmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, içegäniň işini kadalaşdyrýar. Adam bedenine günüň dowamynda gerek bolan magniniň möçberi üçin garpyzyň 150 gramyny iýmek ýeterlikdir.

Garpyzyň peşew çykaryjy täsiri öňden bäri mälim bolup, halk lukmançylygynda bagyr, ýürek-damar ulgamyndaky näsazlyklaryň netijesinde ýüze çykýan käbir keselleri bejermekde, böwrekdäki we peşew haltadaky daşy çykarmakda giňden peýdalanylýar. Garpyz gan basyşynyň ýokarlanmagynyň hem öňüni alýar. Onuň sykylan suwy bolsa bagry zäherli maddalardan arassalaýar. Çendenaşa semizlikden ejir çekýän adamlar üçin-de garpyz örän peýdaly.

Bedeniň garpyzyň düzümindäki ýokumly maddalardyr witaminler bilen üpjün edilmegi üçin onuň dogry saýlanmagy örän möhümdir. Munuň üçin bolsa şu aşakdakylar maslahat berilýär:

— deşik, ýaryk, ýagny şikeslenen garpyzdan gaça durmaly;

— garpyzyň öte kiçi ýa-da has uly bolmazlygyna üns bermeli. Ortaça ululykdaky garpyzyň agramy 5 — 7 kilogram hasaplanylýar;

— garpyzyň ýere degip duran ýerinde agymtyl, sary reňk emele gelýär. Şol ýer näçe saralan bolsa, garpyz şonça-da bişen hem süýji bolýar;

— çigitsiz garpyzlar genetiki taýdan üýtgedilendir. Gowy garpyzyň hökman çigidi bolmalydyr;

— garpyzyň etindäki süýümler ak reňkde bolmaly;

— garpyzy kesdirip, bölekläp almak maslahat berilmeýär. Kesilen garpyza mikroblar düşüp bilýär;

— garpyzy kesmezden öň, onuň daşyny gowy edip ýuwmaly.

Kesellerden goranmagy daşary çykylanda agyz-burun örtüklerini dakynmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, 2 metr howpsuz aralygy saklamak bilen utgaşdyryň! Eger-de nähoşlugyň ilkinji alamatlaryny duýsaňyz, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň