Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Liwanda 13 aýdan soň täze hökümet guruldy

14:5111.09.2021
0
986

Liwanyň Prezidenti Mişel Aun we Premýer-ministr Nejip Mikati täze hökümet gurmak barada ylalaşdylar. Netijede, 13 aýdan soň bu ýurtda täze hökümet guruldy. Bu barada «Anadolu» agentligi habar berdi.

Liwanyň 24 sany ministrden ybarat täze hökümetine milliarder telekeçi Nejip Mikati ýolbaşçylyk eder. Bu telekeçi Liwanyň iň baý adamlaryndan biridir. Oňa şu ýylyň iýul aýynda täze hökümet gurmak tabşyryldy. Mikati ozal hem 2005-nji ýylda, şeýle-de 2011-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli Liwanyň Premýer-ministri bolup işledi.

Täze hökümetiň düzümi düýn ilki ýurduň Prezidenti, soňra bolsa ministrler geňeşiniň baş sekretary Mahmud Makieh tarapyndan yglan edildi. Liwanyň täze hökümetindäki ministrleriň köpüsiniň soňky onýyllykda häkimiýet başynda bolan syýasatçylardan saýlanandygy aýdylýar.

Premýer-ministr Hasan Diabyň ýolbaşçylygyndaky hökümet geçen ýylyň 4-nji awgustynda Beýrut portunda bolup geçen pajygaly partlamadan soň işinden çekilmäge mejbur boldy. Şondan bäri garşydaş syýasy toparlaryň arasynda täze hökümet gurmak barada hiç hili ylalaşyk gazanylmady. Netijede, geçen ýylyň oktýabr aýyndan şu güne çenli ýurduň milli walýutasy dollara garşy hümmeti 90 göterim peseldi we giperinflýasiýa sebäp bolup, ýurduň ilatynyň ýarysyny garyplykda ýaşamaga mejbur etdi.

Liwanda bir ýyldan gowrak dowam eden hökümetde durmuş-ykdysady batym hasam çuňlaşdy. Milli walýutanyň hümmetiniň peselmegi, ýangyç we azyk ýetmezçiliginiň ýüze çykmagy netijesinde köp sanly bidüzgünçilik boldy. Bütindünýä banky, Halkara Walýuta Gaznasy we Ýewropa Bileleşigi Liwanda täze hökümetiň döredilmegini bu ýurda kömek bermek üçin esasy şert etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň