Arhiw

Türkmenistanly talyplar Halkara maliýe howpsuzlygy boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyryna galmagy başardylar

16:1307.09.2021
0
9770
Türkmenistanly talyplar Halkara maliýe howpsuzlygy boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyryna galmagy başardylar

Halkara Maliýe howpsuzlygy boýunça geçirilen bäsleşigiň 500 finalçysynyň arasynda türkmenistanly talyplar hem bar.

Bu bäsleşige dünýäniň ýedi döwletinden 31 müň adam gatnaşdy. Russiýanyň wise-premýeri Dmitriý Çernyşenkonyň aýtmagyna görä, final tapgyryna galan 500 talybyň 440s-y rus talyplary. Galan 60 talyp bolsa Belarusyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 3 ― 9-njy oktýabr aralygynda geçiriler. Bäsleşigiň ýeňijisi bolmak ýaşlara mümkinçilikleriň uly toplumyny bagyşlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň