Soňky habarlar

Arhiw

3-nji sentýabrda Türkmenistanda bugdaý ekişi başlanar

23:2227.08.2021
0
4072

27-nji awgustda geçirilen Hökümetiň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň sebitlerinde güýzlük bugdaý ekişini 3-nji sentýabrda başlamaga ak pata berdi.

Türkmen Liderine geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça welaýatlarda ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekiljek meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda tekizleýiş işlerini geçirmek, tagt we ýuwuş suwuny tutmak hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarydyr gurallaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Şu möwsümde ýurdumyz boýunça bugdaý ekiji oba hojalyk gurallarynyň we traktorlaryň 1 müň 545-sini ulanmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň bökdençsiz işledilmegi üçin etraplarda ýöriteleşdirilen abatlaýyş toparlary döredilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň