Soňky habarlar

Arhiw

ХIХ asyra degişli gylyç tapyldy

18:4214.08.2021
0
1791

Kanadada ýaşaýan Rene Siguenleriň howlusyndaky mellek ýerini işläp ýören işçileriň biri gadymy gylyjyň üstünden bardy, bu barada ýerli Cbc ýaýlymy habar berdi.

Tapyndynyň uzak wagtlap ýer astynda ýatandygy sebäpli, onuň ýüzündäki ýazgylardyr bezegler pozulypdyr, ýaragyň özi-de mazaly poslapdyr. Öý eýesine internetiň kömegi bilen şeýle gylyçlaryň britan patyşalygynyň pyýada goşunlary tarapyndan baryp 19-njy asyrda ulanylandygyny anyklamak başartdy.

Kanadanyň Harby muzeýiniň hünärmenleri bolsa gylyjyň ýaşyny 1897-nji ýyl bilen senelediler.

Şeýle hem bu öýüň ilkinji eýesiniň pyýada goşunlaryň serkerdesi Endrýu Emlah bolandygy, gylyjyň oňa degişlidigi anyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň