«Çelsi» UEFA-nyň Super kubogyna mynasyp boldy

08:0012.08.2021
0
3280
«Çelsi» UEFA-nyň Super kubogyna mynasyp boldy

«Çelsi» iňlis klubunyň futbolçylary UEFA-nyň Super kubogy üçin oýunda Ispaniýanyň «Wilýarreal» klubuny penalti seriýasynda utdular. Duşuşyk Belfastdaky «Uindzor Park» stadionynda geçirildi.

Oýnuň esasy wagty we iki goşmaça ýarym 1:1 hasabynda tamamlandy. “Çelsiniň” düzüminde Hakim Ziýeş (27-nji minut) tapawutlandy, “Wilýarrealdan” Herard Moreno gol girizdi (73-nji minut). 119-njy minutda “Çelsiniň” düzüminde derwezeban çalşyryldy: Eduar Mendi derek meýdança Kepa Arrisabalaga çykdy. Penalti seriýasy 6:5 hasabynda londonlylaryň peýdasyna tamamlandy.

“Çelsi” UEFA-nyň Super kubogy üçin bäşinji oýna gatnaşdy we bu kubogy taryhda ikinji gezek aldy. 1998-nji ýylda iňlis topary Madridiň “Realyny” utdy (1:0). “Wilýarreal” Super kuboga ilkinji gezek dalaş etdi. Geçen möwsümde “Çelsi” Çempionlar ligasynda, “Wilýarreal” bolsa Ýewropa ligasynda ýeňiji boldy.

UEFA-nyň Super kubogy 1972-nji ýyldan bäri geçirilýär. 1997-nji ýyla çenli kubok Çempionlar ligasynyň (1992-nji ýyla çenli – Ýewropa çempionlarynyň kubogy) we Kuboklaryň eýeleriniň kubogynyň (1999-njy ýylda ýatyryldy) ýeňijileriniň arasyndaky iki oýunly gapma-garşylyk görnüşinde oýnaldy. Onda ýeňiş boýunça rekord eýesi Ispaniýanyň “Barselona” we Italiýanyň “Milan” klubudyr (ikisi-de – bäş gezek).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň