Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşy - Stambul aralygynda ýörite uçuş guralar

15:0910.08.2021
0
25446

Türkiýäniň “Türk Howaýollary” (THY) kompaniýasy 2021-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Ilçihananyň berýan maglumatyna görä, “Türk Howaýollary” (THY) awiakompaniýasy 2021-nji ýylyň 11-nji awgustynda 18:50-de Türkmenbaşy-Stambul ugry ýörite uçar gatnawyny guramagy meýilleşdirýär.

Bu uçar gatnawyndna peýdalanmak üçin şu işleri berjaý etmeli:

  • Ýokarda agzalan uçuşa gatnaşyp, Türkiýä gaýdyp barmak isleýän raýatlaryň isleglerini wagtynda THY-niň “askabatbiletsatis@thy.com” e-poçta salgysyna maglumat ibermegi möhümdir.
  • Bu uçuşa gatnaşmak üçin her bir ýolagçynyň bilet bahasy THY tarapyndan 490 ABŞ dollary hökmünde kesgitlenildi we raýatlaryň biletlerini, asyl ýa-da pasportlarynyň nusgalary bilen THY-nyň Aşgabat bilet satuw ofisinden (Atatürk köçesi No: 82, ofis A7-A8 / “Berkarar” Işewürlik merkezi 1-nji gat, Tel: + 993-610-144-33) satyn alyp bilerler.
  • Goşlaryň çägi 40 kg (goşmaça 8 kg el goşlary), zerur bolup biljek goşmaça maglumat üçin THY-nyň Aşgabat ofisine ýüz tutmak ýerlikli bolar.
  • 6 we şondan ýokary ýaşly ýolagçylar görkezilen uçar gatnawyndna peýdalanmak üçin uçuş wagtyndan ozalky 72 sagadyň dowamynda negatiw “SARS-CoV-2 PCR” lukmançylyk barlag netijenamalaryny almalydyrlar. Negatif “SARS-CoV-2 PCR” test barlagyndan geçmeýänler uçara kabul edilmeýär. Tranzit we üstaşyr geçýän ýolagçylar üçin bu zerur däl.
  • Şeýle hem Türkiýä barjak 6 we şondan ýokary ýaşly ýolagçylar uçuş wagtyndan ozalky 72 sagadyň dowamynda “register.health.gov.tr” salgysyndan “Türkiýe Respublikasyna giriş blankasy” elektron tertipde doldurmalydyr. Bu giriş blankasy awiakompaniýanyň işgärleri tarapyndan barlanar.
  • Mundan başga-da, bu uçar gatnawyndan peýdalanmak isleýän, ýöne Türkmenbaşy şäherinden başga ýerde ýaşaýan bolsa, “Türkmenistan” awiakompaniýasyndan içerki gatnawlar üçin öz wagtynda biletlerini almalydyrlar. Bu babatda hem Türkmenistanyň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen geçiräýn öňüni alyş çäreleriniň çäklerinde ähli ýolagçylardan talap edilýän negatiw “COVID-19” test barlagyndan geçip, onuň netijenamasyny ýany bilen almalydyr.
  • Goşmaça soraglar ýüze çykan halatynda Ilçihananyň konsullyk şahamçasyna +993 12 94 00 27 we +993 12 94 00 29, şeýle hem THY awiakompaniýasynyň + 993-610-144-33 telefon belgilerine jaň edip, maglumat almak bolar.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň