Soňky habarlar

Arhiw

Sekiz ýaşly gyz Moskwanyň Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetine resminama tabşyrdy

17:4708.08.2021
0
9521

Moskwaly Alisa Teplýakowa Moskwanyň Lomonosow adyndaky uniwersitetiniň psihologiýa bölümine giren talyplaryň sanawyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Eger-de hasaba alnan bolsa, onda ol Russiýanyň iň ýaş talyby bolar.

Alisa heniz bir ýaşyndaka onuň maşgalasy işlemek üçin Hytaýa gitdi, elbetde, gyzjagaz hem olaryň ýanynda. Şeýlelikde, ol Hytaýda üç ýaşyna çenli iňlis we rus dillerinde okamagy, ýazmagy we geplemegi öwrendi. Russiýa gaýdyp gelensoňlar bolsa Alisa öýde bilim aldy.

Täsin ukyply gyzjagaz heniz ýedi ýaşyndaka, fizika, informatika, rus dili, matematika, biologiýa, himiýa dersleri boýunça 9-njy synp okuwçylarynyň döwlet synagyny üstünlikli tabşyrdy. 8 ýaşynda rus dili, matematika, biologiýa we informatika dersleri boýunça synaglardan geçip, Moskwa döwlet uniwersitetiniň psihologiýa bölümine girmek kararyna geldi.

Alisa çalt okamak endigine hem eýe we günde 200 sahypa okaýar, kakasy Ýewgeniý Teplýakowyň pikiriçe, «ol adaty çaga, diňe deň-duşlaryndan has köp okaýar».

«Rg.ru» neşirine görä, Alisa hem beýleki çagalar ýaly, höwes bilen oýnaýar, surat çekýär, multfilm görýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň