Arhiw

Berdimuhamedow BAE-niň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi

23:5028.07.2021
0
6366

28-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ilçi ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda ileri tutulýan ugurlarda netijeli gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Şu ýylyň iýun aýynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň BAE bolan iş saparynyň çäklerinde, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy döwletara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini üpjün etdi. Duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar, şeýle hem Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň baş direktory bilen bolan duşuşygyň jemleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi saparyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny görkezýär. Şeýlelikde, BAE-de geçirilen gepleşikler taraplaryň strategik hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygyny ýene bir ýola tassyklaýar.

Balkan welaýatynda sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan täze Halkara howa menziliniň gurluşygyna girişilmegi BAE bilen gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu toplumyň gurluşygy Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan degişli ylalaşygyň esasynda maliýeleşdirilýär. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň çäginde kuwwaty 10 megawat bolan döwrebap Gün-ýel elektrik bekediniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak üçin emirlikler tarapynyň maýa goýum serişdelerini çekmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiň işine möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Dubaý şäherinde geçiriljek nobatdaky Bütindünýä “EKSPO” sergisine gatnaşjakdygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň