Soňky habarlar

Arhiw

ITEA Aşgabatda ilkinji ussatlyk sapagyny geçirer

22:2428.07.2021
0
7525

ITEA («IT Education Academy» – Halkara IT-Bilim akademiýasy) Halkara IT-Bilim programmirlemek hünäri boýunça täze işe gelen hem-de maglumat tehnologiýasy dünýäsini öwrenip başlan hünärmenler üçin ilkinji ussatlyk sapagyny şu ýylyň 6-njy awgustynda geçirer.

Ussatlyk sapagynyň meýilnamasy:

* programmirlemegiň esaslary;
* ýönekeý kodlaryň ýazylyş usullary;
* kodlary özbaş ýazmakda amaly sapak.

Bu ussatlyk sapagy IT mowzugynyň size näderejede ýakyndygyna düşünmegiňiz we ony has giňişleýin öwrenmegiňiz üçin örän amatly pursat bolar. Şeýle hem, ussatlyk sapagyna gatnaşyjylar mentorlar bilen aragatnaşyk saklamaga we olara gyzykly soraglar bermäge mümkinçilik alarlar.

Ussatlyk sapagynyň geçirilýän wagty: sagat – 18:30-da.

Ussatlyk sapagyna gatnaşmaklyk üçin töleg: 100 manat.

Bellige alynmak üçin telefon belgi: 21-04-99.

Ussatlyk sapagynyň geçirilýän ýeriniň salgysy: Aşgabat şäheri. Atamyrat Nyýazow, TSTB-niň edara binasy, 8-nji gat.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň