Gülbadam Babamuradowanyň Olimpiýa oýunlaryndaky bäsdeşi belli boldy

22:0023.07.2021
0
25347

Gülbadam Babamuratowanyň Tokio Olimpiadasynda 52 kg agrama çenli dzýudoçylaryň ýaryşynyň birinji tapgyrynda ilkinji garşydaşy belli boldy. Türkmen türgeni Ysraýylyň ençeme gezek çempiony Gili Koen bilen duşuşar. Bu barada bije çekişlikden soň belli boldy.

30 ýaşly G.Koen 2013-2021-nji ýyllar aralygynda dürli halkara ýaryşlarynda dürli derejeli 20 medala mynasyp boldy.

Türgenleriň ikisi hem birek-birek bilen öň duşuşyp gördi. 2019-njy ýylda Tbilisiniň Gran-prisinde G.Babamuratowa G.Koen bilen çärýek finalda duşuşdy. Şol gezek ysraýylly türgen ýeňiş gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň