Soňky habarlar

Arhiw

Awazada awgustda 6 sany iri halkara çäre geçiriler

23:0517.07.2021
0
10299
Awazada awgustda 6 sany iri halkara çäre geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti şu gün – 17-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisininiň dowamynda şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara çärelerine görülýän taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde birnäçe forumlar, sergiler we ikitaraplaýyn duşuşyklar göz öňünde tutulýar. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany awgustda Awazada 6 sany iri halkara çäräniň geçiriljekdigini belledi. Bellenilmegine görä,

  • • Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy;
  • • Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň birinji forumy;
  • • Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy;
  • • Merkezi Aziýa döwletleriniň halkara sergisi;
  • • Merkezi Aziýa döwletleriniň tagamlarynyň sergisi;
  • • Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti.

«Türkmenportal-yň» habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Awazadaky halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin Guramaçylyk toparyny döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň