Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriň Prezidentleriniň üçünji duşuşygy geçiriler

13:2815.07.2021
1
12438

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna Gazagystanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.
Iki ýurduň daşary işler ministrleri häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmekde ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn formatda bilelikdäki işleri dowam etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Ýangyç-energetika pudagyndaky, senagat, ulag we aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi türkmen-gazak özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň