Soňky habarlar

Arhiw

Ýewro ― 2020-niň ýarym finalçylary mälim boldy

04:0004.07.2021
0
5189

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynda ýarym finalçylar hem belli boldy. Bir aýa golaý wagt bäri dowam edýän yklym çempionaty dartgynlylygyň we bäsdeşligiň iň ýokary derejesinde dowam edýär.

Şenbe güni geçirilen çärýek final duşuşyklarynda Angliýa Ukrainany 4:0, Daniýa bolsa Çehiýany 2:1 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykdy.

Şeýlelikde, Ýewro ― 2021-iň ýarym finalçylary belli boldy. Ýarym final duşuşyklarynyň ikisi hem Londondaky «Uembli» stadionynda geçiriler.

Ilkinji ýarym final duşuşygy Italiýa bilen Ispaniýanyň arasynda geçiriler. Duşuşyk 6-njy iýul güni gije sagat 23:55-de başlar.

Daniýa bilen ýer eýeleri Angliýanyň arasyndaky duşuşyk bolsa 7-nji iýul güni ýene şol wagtda başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň