Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen Liderini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli hem-de köpugurly işinde täze üstünlikler arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar häzirki wagtda köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýändigini nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändigini aýdyp, dünýäniň ylmy-tehniki pikiriniň iň soňky gazananlaryna we innowasion tehnologiýalara esaslanyp, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiligine ünsi çekdi.
Iki ýurduň Liderleri ýurtlarymyzyň mizemez doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, ileri tutulýan ugurlaryň ençemesi boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtadylar.