2021-nji ýylda Belarusyň “Belpoçta” respublikan unitar kärhanasy bilen Türkmenistanyň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk dowam etdiriler.
“Belpoçta” ençeme ýyl bäri ikitaraplaýyn ylalaşygyň esasynda Bütindünýä poçta birleşiginiň (BPB) we onuň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň çäginde poçta hyzmatlaryny hödürlemek pudagynda, şeýle-de halkara EMS ýollamalaryny alyş-çalyş etmekde “Türkmenpoçta” bilen üstünlikli hyzmatdaşlygy alyp barýar.
“Şeýle-de, Belarus we Türkmenistan Aragatnaşyk boýunça sebit Arkalaşygynyň (ASA) işiniň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürýärler we öňdebaryjy tejribeler bilen paýlaşýarlar – olar ASA-nyň poçta aragatnaşygy boýunça komissiýalarynyň we ASA-nyň poçta operatorlary geňeşiniň mejlislerine, halkara seminarlara we sergilere gatnaşýarlar” – diýlip, habarda bellenilýär.
“Belpoçta” we “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşygy pudagyndaky halkara çärelere, şol sanda BPB-niň kongreslerine, mejlislerine we halkara seminarlaryna gatnaşmak bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrýarlar.
Belläp geçsek, “Belpoçta” 31-nji martdan Belarusdan Türkmenistana poçta ýollamalaryny dikeltdi. Belarusdan ýazmaça hatlary (resminamalar) we posylkalary ibermek bolýar. Şol bir wagtyň özünde EMS kurýer hyzmaty arkaly Türkmenistana eltmek hyzmaty heniz mümkin däl.
Ýatlap geçsek, Türkmenistan bilen Belarus birnäçe ugurda hyzmatdaşlyk edýär. Ýurtlaryň arasynda, aýratyn-da, Ýewraziýanyň ykdysady komissiýasynyň çäginde import-eksport işleri amala aşyrylýar.