Türkmenistanyň Hytaýdaky raýatlarynyň bir topary ýurda getirildi

17:0826.06.2021
0
18354

Şu gün «Türkmenistan» awiakompaniýasy «Boeing 777-200LR» uçary bilen Pekin ― Türkmenabat aralygynda ýörite uçuşy amala aşyryldy. Bu uçuş arkaly Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky raýatlary ýurda alnyp gelindi.

T5608 belgili ýörite gatnaw boýunça hereket eden uçar «Pekin Şoudu» halkara howa menzilinden uçdy. Uçuşy Türkmenistanyň dostlukly döwletdäki diplomatik edarasy gurady.

BSGG-niň kadalaryna laýyklykda, bu uçar bilen ýurda getirilen raýatlarymyz üç hepdeliik karantin gözegçiliginde bolarlar. Türkmenistan daşary döwletlerden şeýle uçuşlary amala aşyrmagy dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň