Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Mämmedowa hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara jogapkär edilip bellenen orunbasarlaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň her welaýatynda köpugurly ajaýyp binalar bolan «Türkmeniň ak öýleriniň» gurluşygynyň tamamlanýandygyny belledi.
Bu desgalar däp bolan halk medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek, jemgyýetçilik isleglerini kanagatlandyrmak üçin niýetlenendir diýip, milli Liderimiz nygtady. Çeper höwesjeňler döredijiligini, beýleki höwesjeň döredijilik başlangyçlaryny we ilatyň durmuş işjeňligini goldamakda, raýatlaryň boş wagtyny we dynç almagyny guramakda ak öýleriň ähmiýeti uludyr.
Şoňa görä-de, şol ýerlerde ilkinji günlerden drama, sazly opera, balet, sirk, estrada we gurjak toparlaryny döretmek boýunça işleri geçirmek zerurdyr, şeýle hem teatrlaryň, aýdym-saz toparlarynyň, şekillendiriş we amaly sungat studiýalarynyň, beýleki halk hem-de tehniki döredijilik toparlarynyň işini ýola goýmak wajypdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Milli Lider «Türkmeniň ak öýleriniň» welaýatlaryň medeniýet merkezlerine öwrülmelidigini nygtap, wise-premýere ýurdumyzda iň gowy «Türkmeniň ak öýüni» kesgitlemek boýunça bäsleşigi geçirmek meselesini öwrenmegi tabşyrdy.